Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I.­Býu­jet ­esas­yn­da:

  1.­Şep­a­gat­çy­lyk­ işi.

II.­Tö­leg­li­ esas­da:

 1. Bejeriş işi.

 2.­ Şep­a­gat­çy­lyk­ işi.

 3.­Aku­şerçi­lik ­işi.

Lukmançylyk mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Res­mi­ iş­ ka­gyz­la­ry­ Daşoguz şäherinde 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi­ iş­ ka­gyz­la­ry­nyň ­sa­na­wy:­

 — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

 — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

 — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

 — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

 — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

 — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

 — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

 — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

pasportyny;

     — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş­ sy­nag­la­ry­ we­ oku­wa­ ka­bul edil­mek­ 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i - awgust aýynyň 1-i, 3-4-i we 6-sy günlerinde Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Daşoguz şäheri) geçirilýär.

 Gi­riş ­sy­nag­la­ry ­ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomiki edarasynyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäs­le­şik­siz­ we­ ta­lyp­ly­ga ka­bul­ edil­mek­ üçin­ ar­tyk­maç­ hu­kukdan­ “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

                        

Gur­ban­sol­tan ­eje ­adynd­a­ky­­ Da­şo­guz ­luk­man­çy­lyk­ or­ta­­ okuw mek­de­bi­niň ­sal­gy­sy:­­

   Da­şo­guz ­we­la­ýa­ty,­ Da­şo­guz ­ş.,­­ Ga­raş­syz­ly­gyň­ 10­ ýyl­ly­gy ­kö­çe­si,­ 17,­

   2­-21-­64,­ 2-­21-­19.

Web Sahypa: dloom.edu.tm