Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebi
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebi.
2025-2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Aşpez-konditer tehnology.
2. Buhgalterçilik işi.
3. Harytçy.
4. Menejment.
5. Seljeriji laborant.
6. Aşpez-kulinar (milli we daşary ýurt tagamlaryny öwrenmek bilen).
7. Söwda işi.
Söwda hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherindäki Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- umumy orta bilim barada resminanyň asyl nusgasy;
- bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.
- pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
- Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;
Dalaşgäriň talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 28-29-y günlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.
Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
1. Aşpez.
2. Aşpez –konditer.
3. Aşpez-kulinar.
4. Satyjy.
5. Satyjy –kassir.
6. Çörek bişiriji.
7. Buhgalter.
8. Buhgalterçilik hasabynyň esaslary.
9. Buhgalter kassir
10. Telekeçiligiň esaslary.
11. Menejer.
12. Marketing.
13. Kassir.
14. Gözegçi kassir.
Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara –kärhananyň hünärmen taýýarlamak hakyndaky sargyt haty;
- pasportynyň göçürmesi;
- bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
- 3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;
Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesiniň, 49-njy jaýy.
Tel: 99312368541;