Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebi.

2025-2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: 

1.     Aşpez-konditer tehnology.

2.     Buhgalterçilik işi. 

3.     Harytçy.

4.     Menejment.

5.     Seljeriji laborant.

6.     Aşpez-kulinar (milli we daşary ýurt tagamlaryny öwrenmek bilen).

7.     Söwda işi.

Söwda hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň orta bilimli  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  kabul  edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl  ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherindäki Söwda  hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul  edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň  sanawy:

-         bellenilen  nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan  arza;

-         bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

-         umumy orta  bilim barada  resminanyň asyl nusgasy;

-         bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

-         soňky  okan  ýerinden (işlän ýerinden, harby  bölümden) häsiýetnama;

-         3x4  möçberindäki  alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

-       pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

-         Türkmenistanyň  Ýaragly  güýçlerinde harby gullugy  geçenler  harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş  şahadatnamasyny  we  ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähaty;

Dalaşgäriň talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň  28-29-y günlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.

 

Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

1.     Aşpez.

2.     Aşpez –konditer.

3.     Aşpez-kulinar.

4.     Satyjy.

5.     Satyjy –kassir.

6.     Çörek bişiriji.

7.     Buhgalter.

8.     Buhgalterçilik hasabynyň esaslary.

9.     Buhgalter kassir

10.         Telekeçiligiň esaslary.

11.         Menejer.

12.         Marketing.

13.         Kassir.

14.         Gözegçi kassir.

Gysga möhletli  okuwlar üçin  resmi iş kagyzlarynyň  sanawy:

-         bellenilen  nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan  arza ýa-da  edara –kärhananyň hünärmen  taýýarlamak  hakyndaky  sargyt haty;

-         pasportynyň  göçürmesi;

-         bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;

-         3x4  möçberindäki 2 sany fotosurat;

Bellik: 1 ýyl we 1,5  ýyl möhletli  okuwlary  doly  tamamlan  uçurymlara  döwlet  nusgasyndaky başlangyç  hünär  bilimi  hakynda  diplom  berilýär.

alty okuw aýyna çenli (hünär  taýýarlygy),   işgärleriň   hünär  derejesini  ýokarlandyrmak  we olary gaýtadan  taýýarlamak  maksatnamalary  boýunça  gysga  möhletli  okuwlary  tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesiniň, 49-njy jaýy.

Tel: 99312368541;

https://tradingschool.edu.tm/