Akdepe etrap häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebi
Türkmenistanyň döwlet hünär-tehniki okuw mekdeplerine dalaşgärleri talyplyga kabul etmek barada metbugatda yglan edilýän bildirişleriň birmeňzeş
MYSALY NUSGASY
Akdepe etrap häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebi
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Elektromontýor
2. Iş ýörediji
3. Arhiwçi
4. Tikinçi-biçimçi
5. Aşpez-kulinar
6. Sanly maglumatlary işläp taýýarlaýjy ussa
7. Sport enjamlarynyň operatory
8. Aragatnaşyk operatory
9. Kebşirleýji(elektrokebşirleme gazkebşirleme işleri)
10. Nebit we gaz ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator
11. Agyz suw arassalaýjy desgalaryň operatory
12. Buhgalterçilik işi
13. Kiçi weterinar feldşer
14. Nebit we gaz desgalaryna tehniki hyzmat ediji hem-de abatlaýjy ussa
15. Aşpez konditer tehnology
16. Gidromeliorator
Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary Akdepe etrap häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebine 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda käbul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
-bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
-umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
-bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
-soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
-3x4 möçberdäki alty sany fotosurat;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.
-pasportyny (eger şahsy pasporty almadyk bolsa,onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
-Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň 28-29-njy awgust günlerinde Akdepe etrap häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça Häzirki zaman türkmen jemgyýeti we Informatika derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.
7-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
1.Kompýuter sowatlylygy.
2. Gapy gözegçi.
3.Elektromontýor.
4.Aşpez.
5.Azyk harytlaryň satyjysy
6. Weterinar farmesewtiki maddalary taýýarlaýjy.
7.Biçimçi-tikinçi.
8. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji.
9. Slesar-santehnik
10. Bug gazançy
11. Suw arassalaýjy desgalaryň operatory
12. Kompýuter operatory
13.Satyjy-kassir
14. Awtomobil kranyň maşinisti
16. Dellek-wizažist
17. Tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça instruktor
18. Gözegçi-kassir
Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
-pasportyň göçürmesi;
-bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
-3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;
Bellik:1ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurumlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.
Akdepe etrap häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy:Akdepe ertabynyň Andalyp şäheri Parahatçylyk köçesiniň 1-nji jaýy,