Balkan welaýat häkimliginiň Gyzylarbat etrabyndaky hünär-tehniki okuw mekdebi

2025-2026-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga  kabul edýändigini yglan edýär:       

1. Buhgalterçilik işi – 1,5 ýyl

2. Elektromontýor – 1 ýyl

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde1ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.                             

Resmi  kagyzlary:  Balkan welaýat häkimliginiň Gyzylarbat etrabyndaky hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi    kagyzlaryň  sanawy:

-         bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-         bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

-         umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

-         bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

-         soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

-         3х4  möçberindäki alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuw girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

-  pasportyny (eger şahsy pasport alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

-   Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplar kabul edilmek  üçin  artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýändir.

Giriş synaglary we okuwa kabul etmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 26-30-y günlerinde Balkan welaýat häkimliginiň Gyzylarbat etrabyndaky hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça Türkmenistanyň taryhy we matematika  derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

 

1.      Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji – 4

2.      Awtomobil kranyň maşinisti – 5 aý

3.      Aşpez – konditer – 4 aý

4.      Ýük ýüklemekde we düşürmekde daňyjy-berkidiji – 2 aý

5.      Kompýuteriň operatory – 3 aý

6.      Gazançy – 2 aý

7.      Elektromontýor – 3 aý

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi kagyzlarynyň sanawy:

-          bellenilen nusgada  direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň  hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

-          pasportynyň göçürmesi;

-          bilimi  baradaky resminamanyň göçürmesi;

-          3х4 möçberindäki 2 sany fotosurat; 

Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

Hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgasyndaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.

Balkan welaýat häkimliginiň Gyzylarbat etrabyndaky hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheri Demirgazyk etrapçasy 7-nji ýaşaýyş jaýlar toplumy 121-nji jaýy.   (Täze uçilişe) 

Habarlaşmak üçin telefonymyz:        800246-7-83-74

                                                              800246-7-82-74