Ahal welaýatynyň Tejen etrap häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebi

2025/2026–nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini  yglan edýär:

1. Buhgalterçilik işi.      

2. Gidromeliorator.

3. Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi.

4. Aragatnaşyk operatory.

     Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

     Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl  ýa-da  1,5 ýyl hem-de tölegli .

     Resmi iş kagyzlary Tejen etrap häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 2024-njy 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

    Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

   -bellenilen nusgada direktoryň  adyna ýazylan arza;

   - bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

   - umumy orta bilim barada resminamanyň asyl rusgasy;

   - bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

   - soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüminden) häsiýetnama ;

    - 3 4 möçberindäki alty sany fotosurat;

    Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

    -pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

 -Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

   Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler;

   Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

   Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 20-si  günlerinde Tejen etrap häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

    Giriş synaglary: ähli hünärler boýunça matematika, we fizika.

    Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw     maksatnamalarynyň  esasynda geçirilýar.

    Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

      Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz  sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.

       Tejen etrap häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna  çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlasmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar. 

1. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji.

2. Elektromontýor (1000 V çenli).

3. Suwy himiki usulda arassalaýjy apparatçy.

4. Kompýuter sowatlylygy.

       Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  -bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

  -pasportynyň göçürmesi;

  -bilim baradaky resminamanyň göçürmesi;

  -3 4 möçberindäki 2 sany fotosurat;

    Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi  hakynda diplom berilýär.

    alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär. 

 Tejen etrap häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy:

Ahal welaýatynyň, Tejen etrabynyň, Tejen şäheri,  Ahal köçesiniň 10-njy jaýy,

Telefon belgisi: (800135) 4-06-71; 7-15-73.