Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy hünär-tehniki okuw mekdebi

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1.  Buhgalterçilik işi

2.  Himiki-bakteriologiki derňewiň laboranty

3.  Aragatnaşyk operator

4.  Arhiwçi 

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da  1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

-umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

-bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

-soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

-3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

-pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

-Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji Yes ýylyň awgust aýynyň 26-29-sy günlerinde Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça Häzirki zaman türkmen jemgyýeti, we Türkmenistanyň kanunçylygy, derslerinden geçirilýär.

         Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

         Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.

    6-njy hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

1.  Kompýuter operator

2.   Buhgalter hasabynyň esaslary

3.  Dellekçi

4.  Aşpez

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

-pasportynyň göçürmesi;

-bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;

-3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;

Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.

Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky 6-njy hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Änew ş. Baba Annanow köçesiniň 25/2-nji jaýy,

Tel: 993 (137)44-5-28