Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebi

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edilýändigini yglan edýär:

 

1.     Apparat we programma üpjünçiligini sazlaýjy.

2.     Buhgalterçilik işi.

3.     Iş ýörediji.

4.     Kompýuter torlaryny sazlaýjy.

5.     Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa.

6.     Konstruktor-modelýer, kompýuter grafikasyny öwrenmek bilen.

7.     Liftler boýunça elektromehanik.

8.     Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa.

9.     Tikinçi – biçimçi.

10Sowadyjylary we kondisionerleri bejeriji slesar.

   

 Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy  orta  bilimli raýatlary  giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

    Okuwyň  möhleti  hünärleriň  çylşyrymlylygyna  görä  degişlilikde  1ýyl  ýa-da

 1.5 ýyl  hem-de  tölegli.  

      Resmi iş kagyzlary:  Aşgabat şäherindäki 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji  ýylyň  1-nji   iýulyndan  25-nji  awgusty aralygynda kabul edilýär.

      Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-         bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-         bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa)

-         umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy;

-         bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

-         soňky   okan   ýerinden  (işlän ýerinden, harby bolümden) häsiýetnama;

-         3х4 möçberindäki 6 sany fotosurat;

    Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar:

-         pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

 - Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy  geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedikler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

     Dalaşgär  talyplyga kabul   edilmek  üçin   artykmaç  hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip  biler;

 Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.                                                                                                                                                                                                                        

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek  2025-nji  ýylyň  awgust aýynyň 27-29  günlerinde Aşgabat şäher häkimliginiň 4-nji  hünär-tehniki  okuw  mekdebinde geçirilýär.

 

    Dersler  boýunça  giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 

Dersler   boýunça    giriş  synaglary  döwlet  dilinde dilden   geçirilýär.

 

     Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda  synaga esassyz sebäplere   görä   gelip   bilmedikler  ýa-da    dersleriň   biri   boýunça   synagdan   geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  göýberilmeýär.

          4-nji   hünär-tehniki okuw mekdebinde   alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak  we  olary gaýtadan   taýýarlamak   maksatnamalary   boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

1.    Biçimçi –  tikinçi.

2.    Kompýuter sowatlylygy.

3.    Lift abatlaýjy-slesar

Gysga möhletli okuw üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-         bellenilen      nusgada      direktoryň     adyna    ýazylan    arza    ýa-da

     edara-kärhananyň    hünärmen   taýýarlamak  baradaky  sargyt     haty;

-         pasportynyň göçürmesi;

-         bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;

-         3х4 möçberindäki üç sany fotosurat;

Bellik: 1 ýyl   we  1.5 ýyl   möhletli  okuwlary  doly   tamamlan    uçurumlara

döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakyndaky diplom berilýär.

  Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga nöhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda  degişli  nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama  berilýär.   

               Okuwlaryň   gündizki  we  agşamky  bölümleri  bar.

           Aşgabat şäher häkimliginiň 4-nji  hünär-tehniki  okuw  mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Bilim köçesiniň 20-nji jaýy.  

Tel.:34-49-91; 34-06-15; 34-47-79