Aşgabat şäher häkimliginiň 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebi
Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebi
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edilýändigini yglan edýär:
1. Apparat we programma üpjünçiligini sazlaýjy.
2. Buhgalterçilik işi.
3. Iş ýörediji.
4. Kompýuter torlaryny sazlaýjy.
5. Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa.
6. Konstruktor-modelýer, kompýuter grafikasyny öwrenmek bilen.
7. Liftler boýunça elektromehanik.
8. Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa.
9. Tikinçi – biçimçi.
10Sowadyjylary we kondisionerleri bejeriji slesar.
Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1ýyl ýa-da
1.5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary: Aşgabat şäherindäki 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa)
- umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy;
- bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bolümden) häsiýetnama;
- 3х4 möçberindäki 6 sany fotosurat;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar:
- pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
- Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedikler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler;
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 27-29 günlerinde Aşgabat şäher häkimliginiň 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.
4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
1. Biçimçi – tikinçi.
2. Kompýuter sowatlylygy.
3. Lift abatlaýjy-slesar
Gysga möhletli okuw üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da
edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
- pasportynyň göçürmesi;
- bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
- 3х4 möçberindäki üç sany fotosurat;
Bellik: 1 ýyl we 1.5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurumlara
döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakyndaky diplom berilýär.
Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga nöhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.
Okuwlaryň gündizki we agşamky bölümleri bar.
Aşgabat şäher häkimliginiň 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Bilim köçesiniň 20-nji jaýy.
Tel.:34-49-91; 34-06-15; 34-47-79