I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

2024/2025-nji  okuw  ýyly  üçin  aşakdaky  hünärler boýunça talyplyga kabul edişligini  yglan edýär:

 

I. Býujet  esasynda:

1. Şepagatçylyk işi

2. Laboratoriýa anyklaýyş işi

3. Radiobejeriş işi

II. Tölegli esasda: 

1. Şepagatçylyk işi 

2. Bejeriş   işi

3. Farmasiýa

Lukmançylyk  orta  okuw  mekdebine  Aşgabat  şäherinde hemişelik ýaşaýan, umumy orta  bilimden  pes bolmadyk binýatda bilimi  bolan, ýaşy 35-den  geçmedik Türkmenistanyň  raýatlary  giriş synaglarynyň netijeleri  boýunça  bäsleşik esasynda okuwa  kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde  2024-nji  ýylyň  15-28-nji  iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi  baradaky resminama  (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri  boýunça  mekdep  okuwçylarynyň  döwlet  bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara   bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz  we  (ýa-da)  okuwa  kabul  edilmek  üçin artykmaç hukukdan  peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.      

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş  synaglary   we  okuwa   kabul  edilmek  2024-nji  ýylyň  iýul aýynyň 31-i – awgust  aýynyň 1-i, awgust  aýynyň 3- 4-i we 6-sy günlerinde Indira  Gandi  adyndaky Aşgabat lukmançylyk  orta okuw mekdebinde Aşgabat  şäheri)  geçirilýär.

Giriş synaglary ähli  hünärler boýunça himiýa,  biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw  dersleri  boýunça   giriş  synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň  esasynda,  döwlet  dilinde dilden  geçirilýär.

Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň  işi  bilen tanyşdyrylar. 

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen  wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip  bilmedikler  ýa-da  okuw  dersleriniň  biri boýunça synagdan  geçip bilmedikler  soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli  geçen   ýagdaýynda,  bäsleşiksiz we  talyplyga  kabul  edilmek  üçin  artykmaç  hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň  rejelenen  görnüşinde kesgitlenen  düzgünlere  laýyk  gelýän  dalaşgärler peýdalanýarlar.  

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: 

Aşgabat ş., 2023-nji (M.Kösäýew) köçe, 90; 

tel.: 36-96-73, 36-93-82.