Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

 

Býujet esasynda:

1. Şepagatçylyk işi.

2. Laboratoriýa  anyklaýyş işi.

3. Fizioterapiýa we dikeldiş işi

4. Saglygy goraýyş-öňüni alyş işi.

5. Farmasiýa.

6.Bejeriş   işi.

Saçly  Dursunowa  adyndaky  Arkadag  şäher lukmançylyk  orta  hünär  okuw  mekdebine Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda  hemişelik  ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden  pes  bolmadyk  binýatda  bilimi  bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda  okuwa  kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlaray Arkadag şäherinde (Arkadag şäheri we Ahal welaýaty boýunça) 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi  baradaky resminama  (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri  boýunça  mekdep  okuwçylarynyň  döwlet  bäsleşiginiň   ýeňijileri, halkara   bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

—pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz  we  (ýa-da)  okuwa  kabul  edilmek  üçin  artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçiligi çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul  edilmek 2024-nji  ýylyň iýul aýynyň 31-i - awgust aýynyň 1-i, 3-4-i we 6-sy günlerinde  Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde (Arkadag şäheri) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw  dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna  laýyklykda  amala  aşyrylýar.

Okuw  dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

    

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag  şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň  salgysy:

  Arkadag  şäheri, Arkadag  şaýoly, jaý 22.

 Tel-57-20-21, 57-20-22