S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň  Tagtabazar etrabyndaky hünär-tehniki okuw mekdebi

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

 

1. Buhgalterçilik işi.

2. Nebit we gaz guýularyny burawlaýjy ussa.

3. Kiçi weterinar feldşeri.

4. Aragatnaşygyň operatory.

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuw möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna göra degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1.5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tagtabazar etrabyndaky hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-iýulyndan   25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

-umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

-bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

-soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

-3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

-pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

-Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalaryny görkezip biler.

Nädogy berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

  Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň  20-21-si  günlerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tagtabazar etrabyndaky hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika we fizika derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere göra gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Tagtabazar etrabyndaky hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

1. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji.

2. Traktorçy A, B, W katigoriýa.

3. Elektromontýor (1000 W) çenli.

4. Suwuk we gaz ýangyjynda işleýän bug we ýyldyş gazanlarynyň maşinisti.

5. Kompýuteriň operatory.

6. Aşpez.

7. Suratkeş

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

-pasportynyň göçürmesi;

-bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;

-3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;

Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakyna şahadatnama berilýär.

 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tagtabazar etrabyndaky hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Tagtabazar etrabynyň Tagtabazar şäherçesi. Dostluk köçesiniň 10-njy jaýy,

 

Tel: 993 (568) 51-6-62,             993 (568) 51-1-73.