Garagum etrap häkimliginiň garamagyndaky 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebi

2025/2026-nji okuw ýyly üçin aşakdaky  hünärler boýunça talyplyga okuwa kabul edýändigini yglan edýär: 

 1. Buhgalterçilik işi.

2. Arhiw işi

3. Tikinçi biçimçi.

4. Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi

 

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

     Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Garagum etrap häkimliginiň garamagyndaky 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan   25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarnyň sanowy:

- bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenen nusgada  sowalnama (anketa);

-umumy orta bilim hakyndaky resminamanyň asyl nusgasy;

-bellenilen nusgadaky  saglyk kepilnamasy;

-soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat.

      Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar:

      -pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

  -Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

    Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

     Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

    Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 26-27-i günlerinde Garagum etrap häkimliginiň garamagyndaky 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

      Giriş synaglary ähli hünärler boýunça Häzirki zaman türkmen jemgiýeti we Türkmenistanyň taryhy derslerinden  geçirilýär.

     Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdeplerniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

     Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

     Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaga göýberilmeýär. 

     2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

   1.Kompýuter sowatlylygy

   2.Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji

   3.Gazançy

  4.Naharhananyň  aşpezi

  5.Elektromontýor (1000V cenli)

  6.Tikinçi

  7.Ýük ýüklemekde we düşürmekde daňyjy berkidiji

  8.Gapy gözegçisi

  9.Gurşaw basgançaklaryny gurnaýjy

  10.Mirap   (suw paýlaýjy)

  11.Demirbeton gurnamlary gurnaýjy

  12.Gaz geçirijileri gurnaýjy we abatlaýjy slesar

  13.Daşky turbageçirijileri gurnamçy

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-  bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara- kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

-pasportyň göçürmesi.

  -bilimi basradaky resminamaň göçürmesi.

-3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat.

   Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurumlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli  nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.

Garagum etrap häkimliginiň garamagyndaky 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Garagum etraby,Ýagty-ýol şäherçesiniň Bagtyýar köçesiniň 39-njy jaýy.

  Telefon: 8 00 557  4-05-60 ,  4-11-68