Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Mary şäherindäki  hünär-tehniki okuw mekdebi 2025/2026-nji okuw ýyly üçin  aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

 

 

Barlag- ölçeýji abzallary we awtomatika boýunça elektroslesar.

2.

Kompýuter-maglumat serişdeleriniň tehnologiýasy.

3.

Himiýa önýmçiliginiň tehnology.

4.

Buhgalterçilik işi.

5.

Awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşygynyň  elektromehanigi

6.

Elektrik beketlere we senagat kärhanalarynyň enjamlaryna hyzmat edýän elektromontýor.

7.

Aragatnaşyk  operatory.

8.

Himiki-bakteriologik derňewiň laboranty.

9.

Iş ýorediji.

10.

Köpugurly tokar.

11.

Tikinçi-biçimçi.

12.

Barlag-ölçeg enjamlary we awtomatika boýunça slesar.

   

 

   Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

   Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Mary şäherindäki  hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

      -Bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-Bellenen nusgada sowalnama (anketa);

-Orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

-Bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

      -Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

      - 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar;

     - Pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

-Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

   Dalaşgärler talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan   beýleki resminamalry görkezip biler.

 Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

     Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-27-si   günlerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Mary şäherindäki hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

      Giriş synaglary ähli  hünärler boýunça  Türkmenistanyň taryhy we hünärine degişlilikde

 matematika ýa-da fizika, himiýa derslerinden geçirilýär.

   Dersler boýunça giriş synaglary Türkemnistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

   Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaga goýberilmeýär

 

 

       Hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň  hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

     1. Elektromontýor 1000 V çenli.

    2. Kompýuter sowatlylygy.

    3. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji.

    4. Gazançy. (kotelşik)

    5. Polat tanaplary daňyjy-berkidiji (stropalşik).

    6. Buhgalter.

    7. Awtoelektrik.

    8. Himiki derňewiň laboranty.

    9. Sanly ykdysadyýetiň esaslary.

    10. Elektron resminama dolanyşygy.

    11. Biçimçi-tikinçi.

    12. Kiberhowpsuzlygyň esaslary.

    13. Slesar santehnik.

    

               Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

 

-          Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

-          pasportynyň göçürmesi;

-          bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;

-          3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;

           Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurumlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünät bilimi hakyndaky diplom berilýär.

Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň  hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär..

 

     Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Mary şäherindäki  hünär-tehniki  okuw mekdebiniň salgysy: Mary şäheri, Baýramhan köçesiniň  62 „A“ jaýy (Energetika institutynyň öňki binasy). Tel: 993 (522) 5-05-43 ; 993 (522) 5-06-36,  faks: 5-05-43; 5-05-93;  umumy ýaşaýyş jaýy 5-05-52.