Saparmyrat Türkmenbaşy etrap  häkimliginiň 8-nji hünär-tehniki okuw mekdebi

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga  kabul edýändigini yglan edýär:

 

1.     Pagta we süýmli çig mallary gaýtadan işlemegiň operatory 

2.     Pahtany saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnology 

3.     Gidromeliorator    

4.     Weterinar sanitary  

5.     Buhgalterçilik işi   

6.     Resminama dolanşygy

7.     Ýangyn söndüriji

8.     Elektromontýor

9.     Aragatnaşygyň operatory   

10.                      Tikinçi-biçimçi

11.                       Pagta süýmüniň hilini barlaýjy laborant   

12.                       Dänäni saklamagyň  we gaýtadan  işlemegiň operatory

13.                      Himiki-bakteriologiki derňewiň loboranty  

14.                      Arhiw işi

15.                      Kätip

      Hünär-tehniki okuw mekdebine  Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synagalarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

      Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

      Resmi iş kagyzlary  Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäherindäki 8-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan  25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

     Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-         bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-         bellenilen nusgadaky sowalnama(anketa);

-         umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

-         bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

-         soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

-         3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;

 Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen

resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

      -pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky

şahadatnamasyny)

     -Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri  boýunça harby wekillikden güwähaty;

     Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

     Nädogry  berlen  maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy     

jogapkärçilik çekýär.

     Giriş synaglary we okuwa kabul  edilmek  2025-nji  ýylyň  awgust  aýynyň 26-28-30-y günlerinde Saparmyrat  Türkmenbaşy etrap häkimliginiň 8-nji  hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

     Giriş  synaglary   hünärler boýunça Türkmenistanyň  taryhy  we matematika, himiýa derslerinden geçirilýär. 

  Dersler boýunça giriş synaglary  Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

    Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde  geçirilýär.

     Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

    8-nji  hünär-tehniki  okuw mekdebinde  alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

    1.  Aşpez   

    2.  Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji  

    3.  Elektromontýor   

    4.  Gaz enjamlaryna hyzmat ediji tehnik   

5.     Bug gazançy

6.     Gidrotehniki desgalaryň gözegçisi 

7.     Kompýuteriň  operatory  

8.     Satyjy-kassir

9.     Tokar

10.      Gurluşyk rekleýji

11.      Ýangyç guýujy stansiýanyň operatory

12.      Biçimçi-tikinçi  

13.      Agaç ussasy  

14.      Gapy gözegçisi

15.      Slesar-santehnik  

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

    -bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

   -pasportynyň göçürmesi;

   -bilimi baradaky  resminamanyň göçürmesi;

   -3x4 möçberindäki  2 sany fotosurat;

 

    Bellik: 1 ýyl  we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

     alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda  degişli  nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama  berilýär.

     Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat  Türkmenbaşy etrap häkimliginiň 8-nji hünär-tehniki  okuw  mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäheriniň S. Jepbarow  köçesiniň 23-nji jaýy,

   Tel: 993 (349) 46121,    993 (349) 46131;