Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň 8-nji hünär-tehniki okuw mekdebi
Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň 8-nji hünär-tehniki okuw mekdebi
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Pagta we süýmli çig mallary gaýtadan işlemegiň operatory
2. Pahtany saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnology
3. Gidromeliorator
4. Weterinar sanitary
5. Buhgalterçilik işi
6. Resminama dolanşygy
7. Ýangyn söndüriji
8. Elektromontýor
9. Aragatnaşygyň operatory
10. Tikinçi-biçimçi
11. Pagta süýmüniň hilini barlaýjy laborant
12. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň operatory
13. Himiki-bakteriologiki derňewiň loboranty
14. Arhiw işi
15. Kätip
Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synagalarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäherindäki 8-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama(anketa);
- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
- bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen
resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.
-pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky
şahadatnamasyny)
-Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy
jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 26-28-30-y günlerinde Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň 8-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.
Giriş synaglary hünärler boýunça Türkmenistanyň taryhy we matematika, himiýa derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
8-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
1. Aşpez
2. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji
3. Elektromontýor
4. Gaz enjamlaryna hyzmat ediji tehnik
5. Bug gazançy
6. Gidrotehniki desgalaryň gözegçisi
7. Kompýuteriň operatory
8. Satyjy-kassir
9. Tokar
10. Gurluşyk rekleýji
11. Ýangyç guýujy stansiýanyň operatory
12. Biçimçi-tikinçi
13. Agaç ussasy
14. Gapy gözegçisi
15. Slesar-santehnik
Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
-pasportynyň göçürmesi;
-bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
-3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;
Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň 8-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäheriniň S. Jepbarow köçesiniň 23-nji jaýy,
Tel: 993 (349) 46121, 993 (349) 46131;