Daşoguz welaýat häkimliginiň garamagydnaky 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde dalaşgärleri talyplyga kabul etmek barada metbugatda yglan edilýän bildirişler

Daşoguz welaýat häkimliginiň garamagyndaky 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebi

2025/2026-njyokuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

 

1.  Buhgalterçilik işi

2.  Awtomehanik

3.  Geodeziýaçy

4.  Kompýuter torlaryny sazlaýjy

5.  Arhiwçi

6.  Kebşirleýji(elektrokebşirleme we gazkebşirleme işleri)

7.  Seljeriji laborant

8.  Aragatnaşyk operatory

9.  Elektromontýor

10.  Operator –nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy

11.  Umumy gurluşyk işleriniň ussasy (geodeziýanyň esaslaryny öwrenmek bilen)

12.  Aşpez

13.  Aşpez konditer tehnolog

14.  Kätip-kömekçi

15.  Tikimçi-biçimçi

 

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlaryDaşoguz welaýat häkimliginiň garamagyndaky 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-njiýylyň 1-nji iýulyndan 31-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

-umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy we nusgasy;

-bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

-soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

-3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

-pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

-Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary sowalnama arkaly geçirilýär we okuwa kabul edilýär.

Synaglar her aýyň 15-i günlerinde Daşoguz welaýat häkimliginiň garamagyndaky 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

  Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

         Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

     Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.

    2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde gysga möhletli hünär okuwlarda (hünär taýýarlygy) işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

1.  Elektromontýor

2.  Kebşirleýji

3.  Kompýuteriň operatory

4.  Tehniki howpsuzluk

5.  Satyjy-kassir

6.  Aşpez

7.  Awtomobilkranynyň maşinisty

8.  Bug gazançy

9.  Dellekçi-wizažist

10.  Tokar

11.  Slesar santehnik gaz bilen kebşirleýji

12.  Suwagçy-reňkleýji

13.  Gurluşykçy ussa

14.  Daşky turbageçirijileri guramçy

15.  Tikinçi

16.  Agaç ussasy

17.  Armaturçy betonçy

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-pasportynyň göçürmesi;

-bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;

-3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;

Bellik:1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan talyplara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünär  başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

Gysga möhletli hünär okuwlary (hünär taýýarlygy),  tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde okandygy hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünär taýýarlygy hakynda şahadatnamasy berilýär.

Daşoguz welaýat häkimliginiň garamagyndaky  2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz şäheriniň Oguzhan köçesiniň 50-nji jaýy

Tel:7-51-02,     7-51-00,      7-51-9