Balkanabat şäher häkimliginiň Hazar şäherçesindäki 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebi
Balkanabat şäher häkimliginiň Hazar şäherçesindäki 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebi
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär
1. Nebit we gaz çykaryjy operator
2. Nebit we gaz guýularyny düýpli abatlaýyş işlerini geçiriji ussasy
3. Nebit we gaz guýularyny burawlaýjy ussa
4. Barlag-ölçeg abzallary we awtomatika boýunça elektroslesar
5. Buhgalterçilik işi
6. Awtomehanik
7. Elektrik enjamlaryny abatlaýjy we hyzmat ediji elektromontýor
8. Nebit we gaz desgalarynda tehniki hyzmat ediji hem-de abatlaýyjy ussa
9. Haryt operatory (Nebit-gaz pudagynda)
10. Awtokranyň we awtowyşkanyň maşinisti
11. Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi
12. Himiki derňewiň laboranty
13. Aşpez-kulinar (milli we daşary ýurt tagamlaryny öwrenmek bilen)
14. Tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça instruktor
15. Sowadyjy desgalaryň maşinisti
Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary Balkanabat şäher häkimliginiň Hazar şäherçesindäki 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
- bellenen nusgadaky sowalnama (anketa);
- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
- bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;
- Maglumat, 3 arka (elektron görnüşinde);
- Ýaşaýan ýerinden kepilnama;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.
- pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;
Dalaşgärler talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 26-29-y günlerinde Hazar şäherçesindäki 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça “Türkmenistanyň taryhy”, “Matematika” derslerden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.
1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
1. Aşpez-kulinar
2. Awtoýükleýjiniň maşinisti
3. Tikinçi-biçimçi
4. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji
5. Metal kesiji stanoklaryň we awtomatlaryň operatory
6. Kompýuteriň operatory
7. Gazançy maşinisti
8. Takelažçy
9. Awtomobil kranyň maşinisti
10. Sowadyjy enjamlary bejeriji we hyzmat ediji ussa
11. Kompýuter operatory
12. Demirbeton gurnamlary gurnaýjy
13. Demirbeton we metal gurnamlary gurnaýjy
14. Örtüji
15. Gazançy maşinisti
16. Agaç ussasy
17. Ýük ýüklemekde we düşürmekde daňyjy-berkidiji
18. Suw arassalaýjy desgalaryň operatory
19. Tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça instruktor
20. Gurluşyk reňleýji
21. Basyş astynda işleýän gaplaryň operatory
Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
- bellenen nusgadaky sowalnama (anketa);
- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;
- ýaşaýan ýerinden kepilnama;
- pasporyň göçürmesi ;
- harby gullugyň tamamlanlar-harby şahadatnamasynyň göçürmesi;
Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenilen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.
Balkanabat şäher häkimliginiň Hazar şäherçesindäki 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki Oguzhan köçesiniň Himikler ýaşaýyş jaý toplumynyň 201-nji jaýy.
Tel: +993 64-00-41-81; +993 64-16-53-30