Balkanabat şäher häkimliginiň Gumdag şäherçesindäki 3-nji hünär-tehniki okuw mekdebi
Balkanabat şäher häkimliginiň Gumdag şäherçesindäki 3-nji hünär-tehniki okuw mekdebi
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça (tölegli görnüşinde) talyplyga kabul edýändigini yglan edýär.
1. Nebit we gaz guýularyny burawlaýjy ussa (1.5 ýyl)
2. Nebit we gaz çykaryjy operator (1.5 ýyl)
3. Awtomehanik (1.5 ýyl)
4. Buhgalterçilik işi (1.5 ýyl)
5. Nebit we gaz guýularyny ýerasty abatlamak boýunça operator(1 ýyl)
6. Elektromontýor (1 ýyl)
7. Kebşirleýji (elektrokebşirleme we gazkebşirleme işleri) (1 ýyl)
8. Awtokranyň we awtowyşkanyň maşinisti (1 ýyl)
9. Buraw desgalarynda maşinist (1 ýyl)
10. Himiki derňewiň laboranty (1 ýyl)
11. Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa (1 ýyl)
Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary:Balkanabat şäher häkimliginiň Gumdag şäherçesindäki 3-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 01.07.2025 ý - 25.08.2025 ý çenli kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy :
- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy
- bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- ýaşaýan ýerinden kepilnama;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama
- 3x4 möçberindäki 6 sany fotosurat ;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýarlar.
- Pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda doguluş hakyndaky şahadatnamasyny);
- Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň goşun gullugynyň harby şahadatnamasyny, harby gullugyndan geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň 26-27-nji awgustynda Balkanabat şäher häkimliginiň Gumdag şäherçesindäki 3-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.
Giriş synaglary hünärler boýunça Türkmenistanyň jemgyýeti we hünärine degişlilikde himiýa ýa-da matematika derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibine bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersiň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaga goýberilmeýär.
3-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 3 aý möhlete çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
1. Kompýuteriň operatory (3 aý)
2. Kiberhowpsuzluk we maglumatlar ulgamyny goramak (2 hepde)
3. Nebitgaz pudagynyň önümçilik desgalarynda senagat howpsuzlygy (2 hepde)
4. Gazölçeýji (1 aý)
Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlaryň sanawy
- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty.
- Pasportynyň göçürmesi
- Bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi
- 3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat ;
Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurumlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi baradaky Diplom berilýär.
Üç okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.
Balkanabat şäher häkimliginiň Gumdag şäherçesindäki 3-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Gumdag şäherçesi 20-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 13-nji jaýy.
Tel: 8-222-4-41-70. 8-65-36-25-69 8-62-99-02-07