“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebi
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebi
2025/2026-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Buhgalterçilik işi – 1,5 ýyl
2. Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa – 1,5 ýyl
3. Nebiti gaýtadan işlemegiň operatory – 1 ýyl
4. Himiki derňewiň laboranty – 1 ýyl
5. Haryt operatory – 1 ýyl
6. Elektromontýor – 1 ýyl
7. Aragatnaşygyň operatory – 1 ýyl
8. Barlag-ölçeg enjamlary we awtomatika boýunça slesar – 1 ýyl
9. Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi – 1 ýyl
Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
- bellenen nusgadaky sowalnama (anketa);
- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
- bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 möçberindäki 6 sany fotosurat;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.
- pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
- Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 26-27-si günlerinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça jemgyýeti öwreniş, himiýa we fizika derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglaryň tertibine bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaga goýberilmeýär.
Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebinde 6 (alty) okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
1. Zynjyrly we tigirli kranyň maşinisti–6 aý
2. Awtowyşkanyň we awtogidrogöterijiniň maşinisti-6 aý
3. Awtomobil kranynyň maşinisti – 5 aý
4. Nasos (sorujy) enjamlaryň maşinisti–5 aý
5. Tokar-5 aý
6. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji – 4 aý
7. Beýiklikdäki (ýokarlykdaky) işleri ýerine ýetiriji işçi-4 aý
8. Aşpez – konditer- 4 aý
9. Kompýuter operatory– 3 aý
10. Awtoýükleýjiniň maşinisti – 3 aý
11. Gurluşyk- gurnama işleri boýunça slesar – 3 aý
12. Elektromontýor 1000 w çenli– 3 aý
13. Ýük ýüklemekde we düşürmekde berkidiji-daňyjy – 2 aý
14. Gurşaw basgançaklaryny gurnaýjy – 2 aý
15. Gazançy– 2 aý
16. Buraw Enjamlarynyň maşinisti 6 aý
Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
- pasportynyň göçürmesi;
- bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
- 3x4 ölçegindäki 2 sany fotosurat:
Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurumlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünar derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.
TNGIZT-niň hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenbaşy ş. Asudalyk köçesiniň 40-njy jaýy.
Tel: 993 (243) 5-87-54, 993 (243) 5-87-58, +99364852204