Ahal welaýatynyň Kaka etrap häkimliginiň 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebi
Ahal welaýatynyň Kaka etrap häkimliginiň 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebi
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýänligini yglan edýär:
l. Buhgalterçilik işi
2 .Aragatnaşyk operatory
3 .Seljerji laborant
4 .Nebit we gaz guýylaryny burawlajy ussa
5 .Dokma önümleriniň hil gözegçisi
6 . Dag işleri we karýer önümçiliginiň ussasy
7 .Ýangyç guýujy stansiýasynyň operatory
8. GidromeIiorator
Hünär-tehniki okuw mekdebine Turkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görýä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagazlary Kaka şäherindäki 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebide 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagazlarynyň sanawy:
- Belenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
- Belenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- Umumy orata bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
- Belenilen nusgadaky saglyk kepilnaasy;
- Soňky okan ýerinden (işlan ýerinden,harby bölümden) hasiýetnama;
- 3*4 möçberindäki alty sany foto surat;
Bulardan başga-da, okuwa girmek isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikda kabul ediş iş taparyna aşakdaky şagsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.
-Pasportyny (eger şagsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasy ny);
-Türkmenistanyň ýaragly güçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwa haty;
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi kagyzlary üçin dalaşgär şahsy joga- pkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul etmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 25-27-si günlerinde Kaka etrap häkimliginiň 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärlere degişli derslerden geçirilýär (matematika, inforrr.atika. himiýa, biologiýa, fizika).
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.
1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde gysga möhletli aşakdaky hünärler boýunça hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
1 .Kompýuter sowatlylygy
2 .Dokmaçy
3.Boýagçy
4.Biçimçi-tikinçi
5. Aşpez
6. Elektromantýor
Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- Belenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak barada sargyt haty;
- pasportyň göçürmesi;
- bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
- 3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;
Beliik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
Hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýynça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.
Ahal welaýat Kaka etrap häkimliginiň 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Käkä şäheri A.Tahyrow köçesiniň 2-nji jaýy, Tel: (133)31829, (133)31833;