Ahal welaýat häkimliginiň 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebi

2025 / 2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: 

1. Buhgalterçilik işi

2. Telekeçilik işi

3. Nebit we gaz desgalaryna tehniki hyzmat ediji hem-de abatlaýjy ussa

4. Himiki - bakteriologik  derňewiň  laboranty

5. Biçimçi-tikinçi

6.  Aragatnaşyk operatory

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synagynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

   Okuwlaryň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1ýyl  ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

 Resmi iş kagyzlary Ahal welaýat häkimliginiň 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. 

             Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-     bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-     bellenen nusgadaky sowalnama (anketa);

-     umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

-     bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

-     soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

-     3x4 möçberindäki alty sany fotosurat.

   Bulardan başga-da okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resmi-namalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

-     pasportyny (eger şahsy pasportyny almadyk bolsa, onda dogulyş hakyndaky şahadatnamasyny);

-     Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde harby gullygy geçenler harby şahadatna-masyny, harby gullygy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

   Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýan-dygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

   Nädogry berilen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

       Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek  20___-njiДа ýylyň awgust aýynyň “____” si (sy) günlerinde Ahal welaýat häkimliginiň 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli dersler boýunça “_________________________

______________________” we “_________________________________________” derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

         Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

         Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagt-da synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

         4-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak,  işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar:

1.     Kompýuteriň operatory.

2.     Kompýuter sowatlylygy.

3.     Aşpez-konditer.

4.     Biçimçi-tikinçi

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-     bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

-     pasportyň göçürmesi;

-     bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;

-     3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat.

 

   Bellik: 1ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

   Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär. 

 Ahal welaýat häkimliginiň 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy:

Aşgabat şäheri, Büzmeýin etraby, Bagyr ýaşaýyş toplumy (Bagyr obasy), Arkaç köçesiniň 7-nji jaýy.

Tel: +993 64 790959; +993 62 716070