Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebi 

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga  kabul edýändigini yglan edýär:

 

1.     Himiki-bakteriologiki derňewiň laboranty

2.     Elektromontýor

3.     Aragatnaşygyň operatory

4.     Tikinçi-biçimçi

5.     Arhiwçi

6.     Aşpez-konditer tehnology

7.     Buhgalterçilik işi

8.     Menejment

9.     Kompýuter torlaryny sazlaýjy

10.  Binagär bezegçi

11 Senagat we raýat jaý gurluşygynyň ussasy

12.Awtomehanik

13.  Nebit we gaz desgalaryna tehniki hyzmat ediji hem-de abatlaýjy ussa

14. Geodeziýaçy

15.Aragatnaşyk ulgamynyň enjamlaryny gurnaýjy we sazlaýjy

16.Çakyr we miwe suw önümçilik tehnologiýasynyň operatory

17.Nebit-himiýa önümçiliginiň operatory

18. Stanok we slesar işleriniň gözegçisi

19. Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça operator

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

-umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

-bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

-soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

-3x4 sm ölçegdäki dokuz sany surat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

-pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

-Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikde güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 20__nji Да ýylyň awgust aýynyň ___-___si (sy) günlerinde Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça______________, we _______________, derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

7-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

1.     Kompýuter sowatlylygy

2.     Kompýuter operatory

3.     Bug gazançy

4.     Ýük ýüklemekde we düşürmekde daňyjy-berkediji

5.     Aşpez-konditer

6.     Satyjy

7.     Tikinçi

8.     Kätip-çap ediji

9.     Slesar-santehnik

10.           Elektromontýor (1000 V çenli)

11.            Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji

12.            Buhgalter işi

13.            Tokar

14.            Awtomobil kranyň maşinisti

15.            Himiki derňewiň laboranty

16.            Sowadyjy enjamlary bejeriji we hyzmat ediji ussa

17.            Awtoulaglary abatlaýjy

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

-pasportynyň göçürmesi;

-bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;

-3x4 sm ölçegdäki iki sany surat;

Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

     alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.

Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş, Büzmeýin etr, Senagat köçesiniň 37-nji jaýy,

     Tel: 993 (12) 33-43-85,          993 (12) 33-40-08

     7hunarmentmekdep@gmail.com