Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebi

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

 

1.     Teleradio režissýorlyk işi.

2.     Teleradiogepleşikleri guramak we taýýarlamak.

3.     Ses režissýorynyň kömekçisi.

4.     Montažyň režissýory.

5.     Telekinooperatorçylyk işi.

6.     Kompýuter montažçy.

7.     Guramaçy režissýoryň kömekçisi.

8.     Maglumatlar ulgamyny dolandyrmak.

 9.   Buhgalterçilik işi.

      10.  Kompýuter oýunlary 3D ölçeginde modelirleme we animasiýa.

      11.  Arhiwçi. 

 

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň  möhleti  hünärleriň çylşyrymlylygyna  görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-         bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-         bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

-         umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

-         bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

-         soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

-         3х4 möçberindäki alty sany fotosurat;

    Bulardan başga-da,  okuwa  girmäge isleg bildirýänler   ýokarda görkezilen resminamalar   bilen    bilelikde   kabul  ediş iş toparyna  aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar  pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

-     Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

  Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek  2025-nji ýylyň awgust 25-26-27-28-i günlerinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

       Giriş synaglary ähli hünärler boýunça Türkmen dili we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

       Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

       Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

       Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä

 gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

1.     Surartkeş.

2.     Matany nagyşlaýjy suratkeş.

3.     Dellekçi.

4.     Menejer

5.     Fotosuratçy

6.     Kätip-çap ediji

    Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-          bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

-         pasportynyň göçürmesi;

-         bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;

-         3х4 möçberindäki 2 sany fotosurat;

    Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurumlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

        alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.    

       Türkmenistanyň  Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş. Mäti Kösäýew köçesiniň 68-nji jaýy, 

Tel: 36-10-09, 36-09-28.